| Ashgabat | 28°C
Saglyk 01.10.2026, 15:22 2

Ukusyzlygyň süýji keseline eltip bilýändigini siz bilýärdiňizmi?!

Ukusyzlygyň süýji keseline eltip bilýändigini siz bilýärdiňizmi?!

Şwesiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden Uppsala uniwersitetiniň alymlary az uklamagyň 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny ýokarlandyryp bilýändigini habar berdiler.

Beýanatda her gije 6 sagatdan az uklamagyň süýji keseliniň döremek howpuny 16 göterim ýokarlandyrýandygy mälim edildi. Şeýle hem ukusyzlygyň gowy we sagdyn iýmitlenmegiň oňyn täsirini peseldip bilýändigi habar berildi.

Takmynan 250 müň iňlisleriň saglyk maglumatlaryny seljeren alymlar ukynyň saglykda möhüm rol oýnaýandygyny aýtdylar.

Gözlegi geçiren alymlar: «Ýatmagy ileri tutmagy maslahat berýäris. Uky uzak möhletli metabolik saglyk üçin peýdalydyr» — diýip bellediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!