| Ashgabat | 28°C
Saglyk 01.10.2026, 15:24 5

Gök soganyň saglyga peýdasy

Gök soganyň saglyga peýdasy

Ýaş sogan — içki organlaryň we ulgamlaryň kadaly işlemegi üçin zerur bolan özboluşly witamin we mineral çeşmesidir.

C, A, beta-karotin witaminlerine gündelik zerurlygy kanagatlandyrmak üçin, takmynan, bir günüň dowamynda 150 gram ýaşyl ot iýmek maslahat berilýär. Gök otlaryň ýaş baldajyklarynda K witamini (fillohinon) köp mukdarda, B, PP we E witaminleri bolsa belli bir derejede saklanýar.

Ýaş soganyň kaloriýalylygy 19 kkal deň. Onuň düzüminiň 93%-ini suw, şeýle hem 1,3%-ini belok, 4,5%-ini uglewod, 0,9%-ini süýüm eýeleýär. Onuň düzüminde asla ýag saklanmaýar.

Iýmitlenişe girmezden ozal gök soganyň näderejede peýdalydygyny, haýsy kesellerde ulanyp boljakdygyny anyklamaly. Ony köplenç kelle agyryda, gyzgynlygy peseldiji, derlediji hem-de ýürek patologiýalarynda peýdaly serişde hökmünde ulanýarlar.

Gök soganyň ýelekleriniň ýiti tagamy işdäni açýar. Düzüminde flawonoidleriň köp saklanmagy immun ulgamynyň işini sazlamaga we düwnük çişiniň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýär diýlip hasaplanýar.

Ýene-de bir peýdaly tarapy — kömelek ýokançlyklaryny basyp ýatyrma ukybynyň bolmagydyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!