Sarymsagyň ynsan saglygyna peýdasy
Sarymsak halk arasynda giňden ýaýran we müňýyllyklaryň dowamynda ulanylyp gelinýän ekinleriň biridir. Onuň düzüminde ýaglar, enzimler we birnäçe witaminler saklanýar.
Sarymsagyň ýakymsyz ysynyň bolmagy onuň düzüminde kükürdiň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Emma ol adam organizmi üçin örän peýdaly bolup durýar.
Sarymsagyň adam saglygyna ýetirýän peýdasy diýseň köp bolup durýar. Ol iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar we gandaky şekeriň mukdaryny sazlaýar.
Mundan başga-da, zyýanly bakteriýalary we parazitleri öldürýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa sarymsagyň gandaky holesteriniň mukdaryny kadaly ýagdaýda saklamaga hem-de rak keseliniň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýändigi anyklanyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!