Atguýruk ösümliginiň peýdaly häsiýetleri
Atguýruk — gadymy ösümlikleriň biri bolup, tebigatda giňden ýaýran dermanlyk ösümlikleriň hataryna girýär. Onuň düzüminde silis kislotasy, kaliý, magneziý, demir we başga-da köp peýdaly minerallar bar.
Halk lukmançylygynda atguýruk köp dürli keselleri bejermek üçin ulanylýar. Atguýruk tebigy diuretik bolup, bedeniň artykmaç suwuklygyny çykarmaga kömek edýär. Şonuň üçin böwrek we peşew ýollary bilen baglanyşykly kesellerde ulanylýar.
Silis kislotasynyň bolmagy sebäpli süňkleriň, bogunlaryň we dyrnaklaryň saglygyny berkitmäge ýardam edýär.
Atguýrugyň antibakterial we ýaralary tiz bejermek häsiýeti bardyr. Deri kesellerinde we ýanmalarda ulanylýar.
Damar diwarlaryny güýçlendirýär we gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Antioksidant häsiýeti bilen bedeniň kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!