Bu täsin miweler size tanyşmy?!
Laým tagamly gawun. Daşky görnüşi sarymtyl-ýaşyl reňkli kiçijik gawuna meňzeýär, kesilende bolsa ter limon we laým ysyny berýär. Taýwanyň «Known-You Seed» kompaniýasy tarapyndan adaty çaknyşdyrma arkaly döredilen bu görnüş Niderlandlaryň «HillFresh» kompaniýasy tarapyndan bazara çykaryldy.
Uzak wagt zaýalanman saklanyp bilýän alma. Açyk reňkli ownuk menekli goýy gyzyl gabykly, şireli we dykyz gurluşly almanyň tagamy süýji bilen ýeňil turşulygyň ajaýyp utgaşmasyndan ybarat. Degişli şertlerde saklananda, miwe öz hilini ýitirmän bir ýyla golaý wagtyň dowamynda terligine galyp bilýär.
Jübide göterip bolýan kiçijik hyýar. Agramy bary-ýogy 40 gram bolan, ýylmanak we ýaşyl reňkli örän kiçi hyýar görnüşidir. Ölçegi boýunça eliňe we jübiňe aňsatlyk bilen sygýandygy sebäpli, ony ýanyň bilen alyp gidip, ýolda iýmek örän amatlydyr.
Ananas tagamly ýertudana. Pineberry diýlip tanalýan bu täsin ak ýertudana özboluşly daşky görnüşi we ananasy ýatladýan tagamy bilen bada-bat ünsi özüne çekýär. Bu görnüş Günorta Amerikanyň ak miweli Fragaria chiloensis hem-de Demirgazyk Amerikanyň gyzyl miweli Fragaria virginiana ösümlikleriniň XVIII asyrda Ýewropada özbaşdak birleşmeginden gözbaş alýar.
Wagt geçip, bu seýrek görnüş ýitip giden ýaly bolsa-da, niderlandly seçgiçi Hans de Ýong alty ýyl dowam eden zähmetiniň netijesinde tebigy usul arkaly 2009-njy ýylda bu üýtgeşik sorty gaýtadan bazara çykardy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!