Suwda-da, gury ýerde-de ösýän ösümlik barada bilýärdiňizmi?!
Ösümlik dünýäsinde hem suwda, hem-de gury ýerde deň derejede ösüp bilýän täsin görnüşleriň biri kyrkbogun ýa-da ylmy ady bilen Persicaria amphibia (suw greçihasy) ösümligidir.
Bu ösümlik Demirgazyk ýarym şaryň mylaýym zolaklarynda, ýagny Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk Amerika we Demirgazyk Afrika ýaly giň çäklerde giňden ýaýrandyr.
Kyrkbogunyň biri-birine meňzemeýän iki hili — suwda we gury ýerde ösýän görnüşleri bar. Olaryň daşky keşbi we içki gurluşy ýaşaýan gurşawyna görä biri-birinden tapawutlanýar.
Suwda ösýän görnüşi 2 metre çenli çuňluga aralaşyp bilýän çeýe baldaklara eýedir. Çuňlaşdygyça ýapraklary azalyp, suwuň ýüzünde bolsa 2–8 sm uzynlykdaky şahalarda ýaýrap ösýär.
Ýapraklaryň daşky ýüzüni galyň mum gatlagy örtýär, bu bolsa olary daşky täsirlerden goraýar. Gaz çalşygy we suwy siňdiriş işjeňligi ösümligiň ähli böleklerinde gönüden-göni amala aşýar.
Öýjükleriniň arasyndaky uly boşluklar gazlary saklamaga kömek edýär. Tomsuň başlarynda suwuň ýüzünde owadan gülleri açylýar.
Kökleri topragyň 50 sm çuňlugyna çenli aralaşýar. Gury ýerde ýaşaýandygy üçin baldaklary suwdaky görnüşindäki ýaly uzyn bolman, bir metre çenli ösýär.
Ýapraklary çeýe bolman, has berk gurluşlydyr. Olaryň uzynlygy 4–14 sm, ini bolsa 1–3 sm aralygynda bolýar.
Tohumlary we ýapraklary artykmaç gyzgynlykdan we gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňklidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!