| Ashgabat | 24°C
Gyzykly maglumat 21.10.2026, 13:59 6

Ilkinji saýawanlar barada

Ilkinji saýawanlar barada

Bütin dünýäde güýçli tomus günlerinde hem-de ýagynly pasyllarda giňden ulanylýan saýawanlaryň örän gadymy taryhy bar.

Bu günki günde bizi köplenç ýagyşdan goraýan hem bolsa, ilkibaşda ol ýagyn üçin däl-de, günüň jöwzaly şöhlesinden goranmak maksady bilen döredilipdir.

«Saýawan» sözi latyn dilindäki «umbros» sözünden gözbaş alyp, ol «kölege» diýen manyny berýär.

Gün şöhlesinden goranmak üçin niýetlenen ilkinji saýawanlar mundan 4 müň ýyl öň Gadymy Müsürde peýda bolupdyr.

Olaryň gurluşy örän ýönekeý bolup, bary-ýogy iki bölekden ybarat bolupdyr. Ýokarky bölegi gün şöhlesini tutýan palma ýapraklaryndan, aşaky bölegi bolsa ony saklaýan tutawaçdan ybarat bolupdyr.

Ol döwürlerde saýawan diňe patyşalar, hanlar we baý-gurply adamlar üçin elýeterli bolupdyr.

Suw geçirmeýän ilkinji saýawanlar biziň eramyzdan öňki XI asyrda Hytaýda peýda bolupdyr. Ýüpekden taýýarlanan bu saýawanlar hem diňe baý maşgalalaryň eýeçiliginde bolupdyr.

Wagtyň geçmegi bilen bu oýlap tapyş Ýewropa hem ýaýrapdyr.

Gadymy Gresiýada we Italiýada zenanlar saýawany diňe bir gorag serişdesi hökmünde däl, eýsem owadan bezeg hökmünde hem ulanypdyrlar.

Şol döwrüň saýawanlary açylyp-ýapylýan gurluşa eýe bolup, olary baýlaryň yzyndan hyzmatkärleri göterip ýöräpdirler.

Käwagtlar bolsa saýawanlar gös-göni atly arabalara berkidilipdir.

XVIII asyrdan başlap bolsa saýawanyň hyzmaty düýpli üýtgäpdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!