| Ashgabat | 24°C
Gyzykly maglumat 21.10.2026, 13:52 7

Siz stepleriň döreýiş taryhy barada eşidipmidiňiz?!

Siz stepleriň döreýiş taryhy barada eşidipmidiňiz?!

Bu günki günde stolumyzyň üstünde adaty zat ýaly bolup duran stepler ilkinji gezek XVIII asyrda Fransiýada peýda bolupdyr.

Şol döwürde bu ajaýyp oýlap tapyş diňe Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin ýörite ýasalypdyr we diňe şa köşgünde ulanylypdyr. Şunlukda, taryhda kagyzlary birleşdirýän bu guralyň ilkinji eýesi korol Lýudowik XV diýlip kabul edilýär.

XIX asyra gelnip, kagyz önümçiliginiň we resminama dolanyşygynyň artmagy bilen bu gural diňe patyşalaryň däl, eýsem ähli edara-işhanalaryň iň zerur kömekçileriniň birine öwrülipdir.

Jorj Makgil kagyzlary berkitmek üçin niýetlenen enjamyna resmi patent alypdyr. Soňra stepler ABŞ-nyň iri kärhanalarynda giňden ulanylyp başlanypdyr.

Şol döwürlerde bir edarada 500 işgär üçin ýeke-täk stepleriň hem doly ýeterlikdigi hasaplanýardy.

«Boston Wire Stitcher Co» kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýönekeý hem amatly modeller stepleriň dünýä boýunça meşhurlygyny has-da artdyrypdyr.

Häzirki wagtda stepleriň kiçi göwrümlisinden başlap, bir gezekde 250 sahypany rahat birleşdirip bilýän uly we güýçli görnüşlerine çenli duşmak bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!