| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 31.10.2026, 16:10 1

Harby gulluk ähli erkekler üçin hökmany bolar

Harby gulluk ähli erkekler üçin hökmany bolar

2032-nji ýyldan başlap, Litwanyň Döwlet goranyş geňeşi erkek raýatlary hökmany harby gulluga köpçülikleýin çagyrmak barada karar kabul etdi. Harby gulluga 18 ýaşdan 22 ýaşa çenli bolan ýaş ýigitler çagyrylar. Gyzlar bolsa, ozalkysy ýaly, harby gulluga meýletin esasda girip bilerler.

Litwada hökmany harby gulluk 2008-nji ýylda ýatyrylypdy, 2015-nji ýylda bolsa gaýtadan dikeldildi. Başlangyç harby gullugyň adaty möhleti dokuz aý bolup, harby hünäri bolan käbir raýatlar üçin bu möhlet üç aýdan ybaratdyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!