| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 31.10.2026, 16:14 1

Alty ýaşly oglanjyk lotereýada Toyota Fortuner utdy

Alty ýaşly oglanjyk lotereýada Toyota Fortuner utdy

Hindistanda alty ýaşly oglanjyk lotereýa arkaly bahasy 52 müň dollardan gowrak bolan täze «Toyota Fortuner» awtoulagynyň eýesi boldy. Oglanjygyň ejesi ozal bary-ýogy 200 rupiýä kupon satyn alyp, lotereýa biletine agtygy Medaşyň adyny ýazypdyr.

Köpden bäri şahsy awtoulag almagy arzuw edýän maşgala üçin bu ýeňiş hakyky sowgat boldy. Ýerli ýaşaýjylar täze ulagy alan bagtly maşgalany deprek sesleri we dabaraly ýagdaýda garşyladylar, soňra bolsa däp bolşy ýaly induistik ybadat dessury berjaý edildi.

Häzirki zaman «Toyota Fortuner» 7 orunlyk kuwwatly ýolsuzlyk awtoulagy bolup, ol 4x4 doly çekiji ulgamy, 2,7 we 2,8 litrlik hereketlendirijileri, şeýle hem ýokary amatlyklary özünde jemleýän salony bilen tapawutlanýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!