| Ashgabat | 19°C
Dünýaden 26.10.2026, 15:19 5

Beýik Britaniýada 3 günlük azyk we suw ätiýaçlygy maksatnamasy işe girizildi

Beýik Britaniýada 3 günlük azyk we suw ätiýaçlygy maksatnamasy işe girizildi

Beýik Britaniýanyň hökümeti ýurduň ilatyna garaşylmadyk adatdan daşary ýagdaýlara taýýar durmagy maslahat berýär.

Hökümetiň täze hödürlän «Be Ready» («Taýýar bol») atly maksatnamasyna görä, her bir öý hojalygynda azyndan üç güne ýetjek agyz suwy hem-de zaýalanmaýan iýmit önümleriniň ätiýaçlygy bolmalydyr.

Bu giň gerimli çäräniň zerurlygy soňky döwürde ýygy-ýygydan ýüze çykýan tebigy we tehniki päsgelçilikler bilen düşündirilýär.

Premýer-ministr Endi Börnem öňki tejribeleri seljerip, ýurduň köplenç waka bolup geçenden soň çäre görýändigini, emma mundan beýläk öňüni alyş taýýarlyklaryna esasy ünsüň berilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin hatda harby awiasiýany hem çekmek meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!