2027-nji ýylyň iň ajaýyp syýahat ugry diýlip Norwegiýanyň Westlann sebiti yglan edildi
Westlann — haýran galdyryjy fýordlary (deňiz aýlaglaryny), belent gaýalary, dury mawy suwlary we möwç urýan şaglawuklary bilen tapawutlanýan ajaýyp künjekdir.
Syýahatçylara Westlanna baryp görenlerinde görmeli iň esasy ýerler:
Hardanger aýlagy: tebigy özüne çekijiligi bilen meşhur bolan uly aýlag.
Folgefonna milli parky: ýurduň iň iri buzluklarynyň birini öz goýnunda saklaýar.
«Trol dili» (Trolltunga) gaýasy: kölüň üstünden 700 metr beýiklikde abanyp duran dünýä belli gaýa.
Nereý aýlagy: uzynlygy 16 kilometrden gowrak bolan haýran galdyryjy künjek.
Bergen — Ýedi dagyň arasyndaky taryhy şäher
Sebitiň hut merkezinde, ähli tarapy ýedi sany dag bilen gurşalan taryhy Bergen şäheri ýerleşýär. Geçmişde bu şäher söwdagärleriň deňiz ýollaryny we kakadylan balyk söwdasyny dolandyran merkezi bolupdyr.
«National Geographic» tarapyndan maslahat berilýän 25 syýahat ugry:
-
Westlann (Norwegiýa)
-
Penang (Malaýziýa)
-
Luksor (Müsür)
-
Medison (Wiskonsin, ABŞ)
-
Puerto-Riko
-
Damfris we Galloweý (Şotlandiýa)
-
Niigata (Ýaponiýa)
-
Çendu (Hytaý)
-
Ýuwaş umman kenarýaka ýoly (Kaliforniýa, ABŞ)
-
Jaýpur (Hindistan)
-
Grenada
-
Salwador (Braziliýa)
-
Froward burny (Çili)
-
Santander (Ispaniýa)
-
Normandiýa (Fransiýa)
-
Günorta Ozark (ABŞ)
-
Galifaks (Täze Şotlandiýa, Kanada)
-
Zakawkaz ýoly (Ermenistan)
-
Melburn (Awstraliýa)
-
Leýpsig (Germaniýa)
-
Baltimor (Merilend, ABŞ)
-
Malawi
-
Maýýa Kaan (Meksika)
-
Trojmiasto: Gdansk, Gdynýa we Sopot (Polşa)
-
Kuelap (Peru)
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!