| Ashgabat | 18°C
Dünýaden 25.10.2026, 18:08 3

BMW kompaniýasy işden meýletin çykjaklara 650 müň ýewrodan hem köp pul tölär

BMW kompaniýasy işden meýletin çykjaklara 650 müň ýewrodan hem köp pul tölär

Kompaniýa öz islegi bilen zähmet şertnamasyny ýatyrjak hünärmenlerine uly möçberde töleg puluny hödürleýär. Aýratyn ýagdaýlarda bu töleg 650 müň ýewrodan hem aşyp bilýär — bu mukdar takmynan ýedi sany täze BMW X5 modeliniň bahasyna deňdir.

«BMW Blog» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2027-nji ýylyň ahyryna çenli işgärleriniň sanyny takmynan 8 müň adam azaltmagy göz öňünde tutýar. Bellenen möhletden hem irräk gitmäge razy bolan işgärler üçin bolsa goşmaça «Turbo Bonus» tölegi göz öňünde tutulypdyr.

Belläp geçmeli zat, iş orunlaryny azaltmak diňe iki taraplaýyn ylalaşyk esasynda amala aşyrylyp, taraplaryň hiç birine mejburlyk ulanylmaýar.

Işgärlere tölenjek pul her bir adamyň ýaşyna, eýeleýän wezipesine, zähmet hakyna we kompaniýadaky iş tejribesine görä özbaşdak hasaplanýar.

Tölegleri bir wagtda, bölekleýin, pensiýa gaznasyna geçirmek ýa-da ätiýaçlandyryş töleglerine gönükdirmek ýaly birnäçe amatly usulda almak mümkin.

Goşmaça ýeňillikler hökmünde, 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli 55 ýaşy dolýan hünärmenler BMW-niň pensionerleri üçin niýetlenen kömeklerden, şol sanda ulaglary arzanlaşykly satyn almak hukugyndan peýdalanyp bilerler.

Käbir ýokary derejeli ýolbaşçylara bolsa gulluk awtoulaglaryny hususylaşdyrmaga mümkinçilik dörediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!