| Ashgabat | 18°C
Dünýaden 25.10.2026, 17:54 3

Dünýäni haýrana goýan zenan!

Dünýäni haýrana goýan zenan!

Günorta Afrikada ýaşaýan, Koral Hart edebi lakamy bilen tanalýan ýazyjy zenan soňky 20 aýyň dowamynda 371 kitabyny çap etdirdi. Ol bu kitaplary emeli aňyň kömegi bilen ýazdy.

Ondan öň ýazyjy 14 ýyl neşirýat pudagynda işledi we nusgawy usulda birnäçe çagalar kitabyny ýazdy. Häzirki wagtda täze bir romany ýazmak üçin oňa bary-ýogy 45 minut ýeterlik bolýar.

Hartyň romanlarynyň biri «Amazon» platformasyndaky 100 sany gowy kitabyň sanawyna girdi. Ýazyjy, esasan, söýgi hakyndaky romanlary döredýär. Olar sanly, çap we audio görnüşlerde çykarylýar.

Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!