| Ashgabat | 16°C
Dünýaden 29.10.2026, 12:17 1

Dubaýda 24 karat altyndan pyýada ýoly gurulýar

Dubaýda 24 karat altyndan pyýada ýoly gurulýar

Dubaýyň meşhur «Dubai Gold District» zolagynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze taslama durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň ahyryna çenli bu ýerde 24 karatlyk arassa altyn bilen örtülen pyýada ýodasy ulanmaga berler.

Bu barada «Emirates 24/7» gullugyna etrabyň söwda bölüminiň ýolbaşçysy Raşid al-Harmudi habar berdi.

Şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de Dubaýyň halkara altyn bazaryndaky eýeleýän ornuny has-da berkitmek bu taslamanyň esasy maksadydyr.

Täze ýoda ýerli we daşary ýurtly myhmanlara altyn bilen örtülen köçede gezelenç etmek ýaly üýtgeşik duýgyny bagyşlar.

Mundan başga-da, bu ýerde Ýakyn Gündogar sebitinde altyn şaý-sepler we gymmatbaha önümler boýunça iň uly serginiň geçirilmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda «Dubai Gold District» etrabynda söwda işjeňligi çalt depginler bilen ösýär. Ýylyň başyndan bäri altyn söwdasy bilen meşgullanýan iri kärhanalaryň sany 20% artdy. Gymmatbaha daşlary, kaşaň sagatlary we bezeg şaýlaryny satýan täze dükanlaryň sany bolsa 15% köpeldi.

Raşid al-Harmudiniň bellemegine görä, geljek ýylda hem bu ýere göçüp gelýän işewürlik we söwda edaralarynyň sanynyň 10–20% töweregi artmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, täze işewürlik merkezlerini we söwda nokatlaryny gurmak işleri hem meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!