| Ashgabat | 16°C
Dünýaden 29.10.2026, 12:15 1

Adamlara topulýan guşlar hakynda serial düşüriler

Adamlara topulýan guşlar hakynda serial düşüriler

Meşhur «Mirasdüşerler» teleserialynyň ýyldyzy Sara Snuk HBO-nyň taýýarlaýan täze eserinde baş gahrymany janlandyrar.

Täze serial aýratyn çeperçilik çemeleşmesi we dartgynly syýasy-detektiw öwüşginleri bilen asyl nusgadan ep-esli tapawutlanar. Wakalar merkezi maşgala meselelerini we çuňňur derňewi öz içine alýar.

Baş gahryman Maýra Messi kiçi gyzy bilen dogduk öýüne gaýdyp gelýär. Ol ýerde çagalyk jorasynyň duýdansyz hem-de şübheli ýagdaýda ýitirim bolmagynyň üstüni açmaga synanyşýar.

Ýöne iş munuň bilen çäklenmeýär — tötänleýin ýaly görünýän, emma elhenç howp salýan ganatly ýyrtyjylaryň hüjümleri başlanýar. Netijede, Maýra hem syry açmaly, hem-de çagasyny goramaly bolýar.

Taslamanyň ssenariýasy «Ýitirim bolanlar» serialy bilen tanalýan Tom Speziale tabşyrylypdyr. Ol bu işi meşhur «Garri Potter» filmleriniň prodýuseri Dewid Heýman bilen egin-egne berip alyp barýar.

Şeýle hem prodýuser toparyna Denni Samit, Jennifer Gabler Rowlings we baş keşbi ýerine ýetirýän Sara Snukyň özi hem goşulypdyr.

Asyl Hiçkok filminiň eýesi bolan Universal Pictures kompaniýasy bu gezek hem taslamanyň arkasynda durýar.

Wagty bilen 2007-nji ýylda Naomi Wottsuň gatnaşmagynda doly metražly film, 2007–2017-nji ýyllarda bolsa BBC tarapyndan serial öndürmek synanyşyklary edilipdi, emma olaryň hiç biri amala aşmandy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!