| Ashgabat | 14°C
Dünýaden 28.10.2026, 16:51 5

2900 ýyllyk toýun gulakhalka ýüze çykaryldy

2900 ýyllyk toýun gulakhalka ýüze çykaryldy

Arheologlar Ýaponiýada takmynan üç müň ýyl ozal ýasalan, inçe nagyşly gadymy toýun gulakhalkany tapdylar.

Bu üýtgeşik bezeg şaý-sepi Saýtama şäherindäki Sinpukudzi atly taryhy ýerde ýüze çykaryldy.

Taryhy tapyndy ilkinji gezek 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda ýadygärlikde barlaglaryň başlanmagyna 100 ýyl dolmagy mynasybetli geçiriljek dabarada köpçülige hödürlener.

Gulakhalkanyň diametri takmynan 8 santimetr bolup, onuň ýüzündäki toýun diwarlaryň käbir ýerleriniň galyňlygy bary-ýogy 1 millimetre deňdir.

Üstünde aralarynda boşluk galýan burum-burum çyzyklar we owadan bezegler çekilipdir. Ýüzündäki gyzgylt tegmiller bu önümiň ilkibaşda has açyk we öwüşginli reňkde bolandygyny görkezýär.

Bu nepis şaý-sep Ýaponiýada ilkinji döwletleriň döremeginden ozalky döwri öz içine alýan Dzýomon eýýamyna degişlidir.

Şol döwrüň ussalarynyň 1 millimetrlik toýun bilen bu derejede inçe hem-de ussatlyk bilen işläp bilendigi hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!