| Ashgabat | 14°C
Dünýaden 28.10.2026, 17:08 4

Möjekleriň ilatly ýerlere çozmagyna näme sebäp boldy?

Möjekleriň ilatly ýerlere çozmagyna näme sebäp boldy?

Ýewropanyň demirgazygynda «Google» kompaniýasynyň emeli aň taslamalary üçin goýýan iri maýa goýumlary daşky gurşaw bilen bagly uly dawalara sebäp boldy.

Finlýandiýanyň Otanmýaki we Muhoz sebitlerinde maglumat merkezlerini gurmak maksady bilen müňlerçe agaçlaryň çapylmagy ekologiýa işjeňlerini hem-de ýerli ýaşaýjylary alada goýdy.

Gurluşyk üçin giň meýdanda tokaýlaryň arassalanmagy ýabany haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş gurşawyny bozdy.

Ýerli ýaşaýjy Anni Rantanyň sözlerine görä, öňki amatly ýaşaýyş ýerlerini ýitiren ýabany haýwanlar indi obalaryň töwereginde has köp görnüp başlady.

Ol diňe bir tebigata ýetirilen öwezini dolup bolmajak zyýan barada däl, eýsem geljekdäki gurluşyk we tehniki sesler sebäpli bu ýerden göçüp gitmek barada hem pikirlenýändigini aýtdy.

Finlýandiýanyň tebigaty goramak birleşiginiň ekology Mari Annalanyň berýän maglumatlaryna görä, 150 müň töweregi agaç çapyldy.

Häzirki wagtda Finlýandiýada täze maglumat merkezlerini gurmak boýunça 145 sany dürli taslama bar.

Ýurdüň salkyn howasynyň enjamlary sowatmakda energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýändigi, şeýle hem geosyýasy we geologik taýdan durnuklylygy sebäpli, Finlýandiýa halkara tehnologiýa ägirtleri üçin amatly meýdança bolup galýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!