| Ashgabat | 16°C
Dünýaden 29.10.2026, 12:23 1

Kiribatili balykçylar tarapyndan deňizde 41 gün aç-suwsuz galan ýigit halas edildi

Kiribatili balykçylar tarapyndan deňizde 41 gün aç-suwsuz galan ýigit halas edildi

Deňizde 41 günläp aç-suwsuz galan ýigit Kiribatili balykçylar tarapyndan halas edildi.

Ol goňşy ýurtlaryň birinden bolan Samuel atly doganoglany bilen deňze çykypdyr. Waka birnäçe hepde ozal ýerli kenar ýakalarynyň birinden balyk tutmak maksady bilen açyk deňze çykan ýigitleriň gaýygynyň birden hatardan çykmagy bilen başlanypdyr.

Ýanlarynda zerur enjamlar bolmadyk gaýyk wagtyň geçmegi bilen kenardan has uzaklara süýşüpdir.

Uzak dowam eden agyr günlerden soň, olaryň gaýygy deňizde ýüzüp ýören ýerli balykçylar tarapyndan tapylypdyr.

Saglyk ýagdaýy ep-esli gowşan ýigit hassahana ýerleşdirilip, häzirki wagtda lukmanlaryň gözegçiliginde bejergisini dowam etdirýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!