Dubaýda dünýäniň iň agyr altyn gulakhalkasy ýasaldy
Dubaý zergärleri ýene bir gezek dünýäni haýrana goýdular. Şäherde agramy 16,5 kilogramdan aşýan ägirt uly altyn gulakhalka köpçülige görkezildi.
Bu ajaýyp zergärlik önümi birbada iki ugur boýunça — dünýäde iň uly we iň agyr altyn gulakhalka hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi.
«Mayura Sahasra» — türkmençe «Müň tawus» — diýlip atlandyrylan bu täsin şaý-sep «Joyalukkas Jewellery» brendi tarapyndan 22 karatlyk altyndan taýýarlanyldy.
Onuň boýy 1,215 metre, giňligi, ýagny diametri bolsa 68,2 santimetre ýetýär.
Seýrek duş gelýän bu sungat eserini döretmek üçin 55 sany tejribeli ussa umumylykda 5 840 sagatlap zähmet çekipdir.
Zergärler şaý-sepiň dizaýnynda hindi medeniýetinde gözelligiň, buýsanjyň hem-de nepisligiň nyşany hökmünde görülýän tawus guşunyň obrazyny ulanypdyrlar.
Önümiň binýady Günorta Aziýanyň däp bolan jaňjagaz şekilli «jhumka» gulakhalkalarynyň stilinde işlenip, ýüzüne guşuň ýeleklerini ýatladýan näzik nagyşlar salynypdyr.
Gulakhalka Dubaýyň meşhur «Gold District» altyn bazarynda ýerleşýän «Jewel of Joy by Joyalukkas» dükanynda hemişelik sergä goýuldy.
Bu täsinligi öz gözi bilen görmek isleýän adamlar we syýahatçylar ony her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli mugt synlap bilerler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!