400 ýyl ozal ýazylan kitap tapyldy. Eýsem, bu kitap kime degişli?!
Galkynyş eýýamynyň beýik pelsepeçisi, «Ynsanperwerleriň şazadasy» adyny alan Erazm Rotterdamlynyň «La civilité puerile» («Çagalar üçin edep-ekram düzgünleri») atly eseriniň täze tapylan nusgasy jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi.
1609-njy ýylda çap edilen bu seýrek neşir ýazyjynyň eserlerine ýakyndan gözegçilik edýän amerikaly alym tarapyndan tapylyp, ýurduň kitaphanasyna sowgat berildi.
Kitaphananyň jogapkär işgäri Jon Toleniň tassyklamagyna görä, bu gymmatly eser häzirki wagtda Ýer ýüzünde saklanyp galan ýeke-täk nusgadyr. Çünki ol döwürde bu kitabyň bary-ýogy müň töweregi nusgada çap edilendigi çaklanylýar.
Taryhy tapyndy Erazm Rotterdamlynyň 1530-njy ýylda latyn dilinde ýazan meşhur gollanmasynyň fransuz dilindäki üýtgedilen we giňeldilen görnüşidir.
Awtor ýaş nesle edep-terbiýe bermek maksady bilen aşakdaky möhüm düzgünleri düşündiripdir:
-
Nahar wagtynda özüňi alyp barmagyň we arassaçylygyň kadalary;
-
Nahardan öň elleri ýuwmak, dyrnaklary wagtly-wagtynda alyp durmak;
-
Ýanyňdaky adamlara hormat goýmak, mysal üçin, biri asgyranda oňa derrew saglyk arzuw etmek.
Eser diňe bir düzgünlerden ybarat bolman, eýsem ýumşak degişmeler bilen hem bezelipdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!