| Ashgabat | 15°C
Jemgyýet 27.10.2026, 13:12 9

Ispaniýada gadymy çopançylyk däbiniň baýramçylygy geçirildi

Ispaniýada gadymy çopançylyk däbiniň baýramçylygy geçirildi

Madridiň köçelerini dolduran müňlerçe goýun we geçi Ispaniýanyň gadymy çopançylyk däbini — «Fiesta de la Trashumancia» baýramçylygyny janlandyrdy. Infobae neşiriniň maglumatyna görä, bu gezekki üýtgeşik ýörişe 1 250 sany goýun we 160 sany geçi gatnaşdy.

1994-nji ýyldan bäri guralyp gelinýän bu çäre mallary gyşyna düzlüge, tomusyna bolsa daglyk öri meýdanlaryna göçürmek ýaly asyrlar boýy dowam edip gelýän gadymy däbi gorap saklamaga gönükdirilendir.

Süri bu gezek Kasa-de-Kampo seýilgähinden ugur alyp, Puente-del-Reý köprüsinden geçdi we şäheriň taryhy merkezine tarap ýöredi.

Şäher merkezindäki ýaşaýyş jaý problemalary sebäpli Puerta-del-Sol meýdançasynda protest düşelgesiniň gurulandygy zerarly, ýörişiň adaty ugry üýtgedildi we ol Kuesta-de-la-Wega, Kaýe-Maýor köçeleri hem-de Plaza-de-la-Willa meýdançasy arkaly amala aşyryldy.

Plaza-de-la-Willa meýdançasynda çopanlar gadymy kadany berjaý edip, her müň baş mala 50 marawedi — gadymy ispan teňňesi — möçberinde şertli töleg tölediler.

Bu däp öz gözbaşyny 1418-nji ýyldan alyp gaýdýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!