| Ashgabat | 15°C
Jemgyýet 27.10.2026, 11:08 8

LVMH, Hermès we beýleki brendleriň bazar gymmaty arzanlady

LVMH, Hermès we beýleki brendleriň bazar gymmaty arzanlady

Ýewropanyň 6 sany iň meşhur we iri brendiniň umumy bazar gymmaty ýylyň başyndan bäri 251 milliard ýewro töweregi arzanlady.

Ekspertleriň düşündirmegine görä, bu peselişiň esasy sebäpleri Hytaýyň içerki bazarynda kaşaň harytlara bolan islegiň göz-görtele gowşamagy hem-de halkara gazna biržalaryndaky durnuksyzlyk bilen baglanyşyklydyr.

Maliýe ýitgilerine uçran kompaniýalaryň hatarynda LVMH, Hermès, Kering, Richemont, Prada we Moncler ýaly dünýä belli brendler bar.

Olaryň arasynda iň uly bazar gymmaty ýitgisini LVMH — 131,6 milliard ýewro, Hermès bolsa 93,3 milliard ýewro möçberinde çekdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!