Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki çykyş edip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýan waka öwrülendigini nygtady.
Şeýle hem ol bu wakanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseriniň ýapon diline terjime edilen neşiri bilen tanyşdyrmak we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek ýaly wajyp ugurlary öz içine alýandygyna ünsi çekdi.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!