Alymlar ýylanyň täze görnüşini tapdylar
Laosda hek daşly gowaklarda ýaşaýan täze zäherli ýylan görnüşi ylmy taýdan hasaba alyndy.
Alymlar bu görnüşe Laosyň demirgazyk-günbataryndaky Wan Wýeng sebitiniň töwereklerinde, hususan-da Han Ham gowagynyň golaýynda duş geldiler.
Barlagçylar gözleg wagtynda tapylan urkaçy nusganyň hem-de surata düşürilen ýylanlaryň DNT seljermesini geçirdiler. Netijede, bu jandaryň ýakyn garyndaşlaryndan tapawutlydygy we özboluşly gen gurluşyna eýedigi mälim boldy.
Öwrenilen nusganyň uzynlygy takmynan 82,5 santimetre ýetýär. Ýylanyň kellesi goňur reňkde bolup, tumşugynyň ujunda açyk sary-mämişi öwüşginli tegmilleri bar. Bedeniniň üstü bolsa goňur-gyzylymtyl nagyşlar bilen bezelendir.
Bu zäherli jandarlar esasan gijelerine işjeň bolup, dik gaýa diwarlaryna we daşlaryň üstüne guýrugy arkaly berk ýapyşyp çykmaga ukyplydyrlar.
Häzirlikçe diňe dört sanysynyň tapylandygy sebäpli, alymlar onuň örän çäkli ýerde ýaşaýan endemik görnüş bolandygyny çaklaýarlar. Olar bu ýagdaý bilen bagly aladalaryny beýan edip, ýylany ýitip gitmek howpundaky görnüşleriň sanawyna goşmagy teklip etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!