| Ashgabat | 14°C
Dünýaden 28.10.2026, 16:48 12

Her sahypasyny geçirmek üçin 10 adam gerek bolan äpet kitap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Her sahypasyny geçirmek üçin 10 adam gerek bolan äpet kitap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Los-Anjelesdäki kitaphanada görkezilen dünýäniň iň äpet kitaby — «Aý ýalkymy we Garaňkylyk» eseriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu eser Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýadygärlik eser suratkeş we grafika ussasy Daniel Gonzales tarapyndan kitaphananyň ýubileý senesine bagyşlanyp ýasaldy.

Takmynan 800 kilogram agramy bolan kitabyň daşky sahypasy açylanda 4,7×6,1 metr möçberden 9 metre çenli uzalýar. Içindäki kagyzdan ýasalan üç ölçegli şekilleriň beýikligi 3,35 metre barabar.

Kitabyň düzümi ýörite berk matadan, adaty kagyzdan we ýelimden ybarat bolup, onuň üstünde 35 hünärmen zähmet çekdi.

Göwrümi örän uly bolandygy sebäpli, kitap binanyň içine bölekleýin daşaldy.

Merkezi zaly bezeýän bu sungat eseriniň sahypalaryny öwürmek üçin uzyn taýaklardan peýdalanýan 10 adamdan ybarat ýörite toparyň kömegi gerek bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!