Hytaýda «kosmos meduzasy» peýda boldy
Hytaýda «Long March 6A» raketa göterijisiniň nobatdaky uçurlyşy sebäpli asmanda emele gelen ýagty «kosmos meduzasy» ýerli ilaty haýran galdyrdy.
Täsin yz 23-nji oktýabrda Taýýuan kosmodromyndan asmana galan raketadan soň peýda bolup, Şansi, Hebeý, Şandun we Hainan ýaly birnäçe welaýatda açyk görünipdir.
«Long March 6A» arkaly orbita çykarylan «Yaogan-50–03» gözegçilik hemrasy ýer kadastry, ekerançylyk hasyllylygyny barlamak hem-de tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýaly möhüm hyzmatlar üçin niýetlenendir.
Hünärmenleriň bellemegine görä, raketanyň ýokary gatlaklara galmagy netijesinde hereketlendirijiden çykýan gazlar bilen suw bugunyň Gün şöhlesiniň astynda öwüşgin atmagy bu ýalkymly meduza şekilini döredýär
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!