| Ashgabat | 14°C
Tehnologiýalar 28.10.2026, 14:12 15

Sensor ekranly mata döredildi

Sensor ekranly mata döredildi

Singapuryň alymlary tarapyndan döredilen täze interaktiw mata geýimleriň özi arkaly ýokary hilli wideo görkezmäge we sanly enjamlar bilen işlemäge mümkinçilik berýär.

Singapuryň Milli uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan işlenip taýýarlanan bu täze önüm adaty matanyň ýumşaklygyny we howa geçirijiligini doly saklaýar.

Galyňlygy bary-ýogy 1 millimetr we uzynlygy 10 metr bolan ýörite süýümiň içine müňlerçe mikroshema ýerleşdirilip, olary özara birikdirmek üçin lazer kebşirlemesi ulanyldy.

Synag maksady bilen geýimiň ýeňine tikilen süýümler 96×54 piksel durulykdaky ekrany emele getirip, sekuntda 30 gezek täzelenýän 8 bitli reňk çuňlugyny üpjün edýär.

Mata sesli buýruklara jogap bermek, kompas we hasaplaýjy hökmünde işlemek, şeýle hem Bluetooth arkaly maglumatlary dolandyrmak üçin mikrofon, ses çykaryjy we dürli datçikler bilen üpjün edildi.

Ýuwujy serişde bilen 50 gezek ýuwulsa-da, öz häsiýetlerini ýitirmeýän we 1000 gezek epilmäge çydamly bolan bu matanyň adam derisi bilen ulanmak üçin howpsuzdygy bellenilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!