| Ashgabat | 11°C
Tehnologiýalar 28.10.2026, 17:12 6

Apple täze 14 dýuýmlyk M6 MacBook Pro noutbugyny hödürledi

Apple täze 14 dýuýmlyk M6 MacBook Pro noutbugyny hödürledi

Apple kompaniýasy özüniň täze noutbugyny — M6 prosessorly 14 dýuýmlyk MacBook Pro enjamyny resmi taýdan köpçülige hödürledi.

Bu önüm öňdebaryjy tehniki aýratynlyklary, güýçli grafiki mümkinçilikleri we rekord derejedäki batareýa kuwwaty bilen tapawutlanýar.

Enjamyň başlangyç bahasy 1 999 dollardan başlanýar. Öňünden sargytlar 28-nji oktýabrda açylýar, resmi satuw bolsa 6-njy noýabrda başlanýar.

Täze çip 12 ýadroly grafiki ulgama eýe bolup, ol ozalky görnüşden 30% çalt işleýär. Şeýle hem emeli aň amallaryny ýerine ýetirýän 16 ýadroly Neural Engine ulgamy M5 bilen deňeşdirilende 1,9 esse ýokary netijeliligi görkezýär.

Bu mümkinçilikler 3D modelirleme, oýun prosesleri, hünär derejesindäki suratlary işläp taýýarlamak hem-de uly dil modellerini (LLM) gönüden-göni enjamyň özünde işletmek üçin giň mümkinçilik döredýär.

Noutbuk bir gezeklik doly zarýad bilen 24 sagada çenli yzygiderli işläp bilýär. Bu Mac taryhynda iň ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Şeýle hem enjamyň batareýasyny ýarym sagadyň dowamynda 50%-e çenli zarýadlandyrmak mümkin.

Täze MacBook Pro Wi-Fi 7 we Bluetooth 6 birikmeleri, 12 MP kamera hem-de üç sany Thunderbolt 4 porty bilen üpjün edildi.

Esasy görnüşi 16 GB RAM bilen hödürlenýär we ony 32 GB-a çenli giňeltmek mümkin.

Täze model kümüşsöw we gara reňklerde elýeterli bolar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!