| Ashgabat | 11°C
Tehnologiýalar 28.10.2026, 16:50 12

Apple ýokary tehnologiýaly OLED ekranly planşetini hödürledi

Apple ýokary tehnologiýaly OLED ekranly planşetini hödürledi

Bu gezekki täzelikler diňe bir içerki mümkinçiliklere däl, eýsem enjamyň daşky görnüşine hem düýpli täsir etdi.

Ekranyň ölçegi öňküden tapawutlanýar. OLED tehnologiýasy hem-de ýokary ýagtylyk derejesi şekiliň hilini örän ýokary derejä çykarýar.

Korpusyň galyňlygy bary-ýogy 5,4 mm-e düşürildi. Çarçuwalaryň 24% kiçeldilmegi bolsa planşetiň umumy göwrümini ulaltman, ekran meýdanyny giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Enjam iň soňky A20 Pro prosessory bilen üpjün edilip, wideo jaňlar üçin niýetlenen öňdäki kamera hem düýpgöter kämilleşdirildi.

Gün astynda işleýänler üçin şöhlelenmäni azaldýan nanotekstura örtügi we IP67 derejeli çyglylykdan hem-de tozandan gorag ulgamy hem goşuldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!