Ford öz täze ulaglaryna ogrulardan goranmagy öwredýär
Ford tarapyndan hödürlenen bu täze tehnologiýa ulaglaryň ogurlyga garşy özbaşdak hereket etmegine we gorag çärelerini güýçlendirmegine mümkinçilik berer.
Ulag duralgada durka hem töweregindäki hereketleri yzygiderli gözegçilikde saklap, şübheli ýagdaýlary ýa-da adamlary özbaşdak kesgitläp biler.
Ogurlyk howpy ýüze çykanda, ulag duralgadaky ornuny üýtgedip, ogrularyň işini ep-esli kynlaşdyrar.
Tigirleriň, faralaryň we bagaždaky goşlaryň ogurlanmagynyň öňüni almak üçin ulag diwarlara ýa-da beýleki ulaglara golaýrak baryp durup biler.
Ulagyň aşaky bölegindäki gymmat bahaly detallary goramak üçin bolsa asma ulgamy kuzowy mümkin boldugyça aşak düşürip biler.
Häzirlikçe bu tehnologiýa diňe oýlap tapyş hökmünde hasaba alnan bolup, onuň haçan önümçilige giriziljekdigi heniz mälim däl.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!