| Ashgabat | 22°C
Gyzykly maglumat 30.09.2026, 18:51 5

Çagaňyzyň dişi çüýreýär. Mesele şokolatdamy ýa-da miwe suwlarynda?

Çagaňyzyň dişi çüýreýär. Mesele şokolatdamy ýa-da miwe suwlarynda?

Lukmanlaryň bellemeklerine görä, çagalar üçin niýetlenen miwe suwlary, pýureler aslynda çaganyň dişleri üçin adaty süýjilerden, şokolatlardan has howply bolup biler.

Muny nähili düşündirip bolar? Çagalar süýjini bir gezekde iýip gutarýarlar. Miwe suwlaryny, pýureleri bolsa köplenç birnäçe wagtyň dowamynda az-azdan, gezip ýören ýerlerinde iýip-içýärler.

Netijede, bular uzakly gün agyzda saklanyp, az-azdan iýlip-içilende, dişler hemişe kislotanyň täsirine duçar bolýar. Bu hem dişleriň çüýremegine getirýär.

Şonuň üçin lukmanlar çagalara miwe suwlaryny, pýureleri esasan nahar wagtynda bermegi maslahat berýärler.

Bu barada «Gazeta.ru» internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!