| Ashgabat | 24°C
Saglyk 21.10.2026, 13:50 10

Iň köp belokly gök önümler

Iň köp belokly gök önümler

1. Noýba

Uglewodlara hem-de süýüme baý bolan noýba ösümlik gözbaşly beloklaryň iň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Ony gündelik tagamlaryňyza goşup iýmek bedeni zerur bolan belok mukdary bilen üpjün etmegiň aňsat ýoludyr.

Belok derejesi: 100 gramda 24 gr.

2. Merjimek

Merjimek — süýümiň baý çeşmesidir. Bary-ýogy 200 gram merjimek gündelik süýüm zerurlygynyň ýarysyndan gowragyny üpjün edýär.

Düzümindäki peýdaly süýümler içege mikroflorasyny we peýdaly bakteriýalary iýmitlendirip, iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini goldaýar. Şeýle hem ol demire, marganese we foliý turşusyna baýdyr.

Belok derejesi: 100 gramda 9 gr.

3. Ýaşyl nohut

Dünýä aşhanasynda giňden ulanylýan ýaşyl nohut diňe bir belok däl, eýsem antioksidantlaryň we süýümiň hem çeşmesidir.

Ony sarp etmek arkaly A, C, K witaminlerini, tiamini, marganesi we foliý turşusyny alyp bilersiňiz.

Belok derejesi: 100 gramda 6 gr.

4. Kelem maşgalasyndan — kale

Kale kelemi öz maşgalasynda ýokumlylygy boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Ol C witaminine we antioksidantlara baý bolup, gan basyşyny, holesteriniň we gandaky şekeriň derejesini kadaly saklamaga ýardam edip biler.

Belok derejesi: 100 gramda 5 gr.

5. Brokkoli

Ylmy barlaglara görä, käbir adamlaryň brokkolini halamazlygy olaryň genetiki aýratynlyklary bilen baglanyşykly bolup biler.

Muňa garamazdan, ol B toparynyň witaminlerine, kalsiý, kaliý, magniý, selen we demire baýdyr. Şeýle hem düzümindäki käbir birleşmeler öýjükleri zeperlenmelerden goramaga ýardam edip biler.

Belok derejesi: 100 gramda 4 gr.

6. Brýussel kelemi

Kiçijik miwelere meňzeş bu kelem görnüşi öýjükleri dürli zeperlenmelerden goramaga ýardam edýär.

Düzümindäki foliý turşusy, süýüm, marganes we peýdaly witaminler bedeniň umumy ýagdaýyny goldaýar.

Belok derejesi: 100 gramda 4 gr.

7. Süýji mekgejöwen

Mekgejöwen bugdaý hem-de tüwi bilen bir hatarda dünýäde iň köp sarp edilýän däneli ekinleriň biridir.

Ol köplenç gök önüm hökmünde kabul edilýär we düzüminde köp mukdarda süýüm hem-de dürli witaminler bar.

Belok derejesi: 100 gramda 4 gr.

8. Ysmanak

Düzüminiň 91%-i suwdan ybarat bolsa-da, ysmanak minerallara baý ösümlikdir.

Ol demir, magniý, marganes hem-de lutein we kwersetin ýaly peýdaly maddalara baýdyr.

Belok derejesi: 100 gramda 3 gr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!