Zirk agajy we onuň aýratynlyklary
Biziň baý tebigatymyzda ösýän ösümlikleriň 2000-den gowragynyň saglyga peýdasynyň bardygy ylmy taýdan öwrenildi. Şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýän dermanlyk ösümlikleriň biri hem zirkdir.
Zirk — gülli ösümlikdir. Neşir edilen ylmy maglumatlara görä, onuň dünýä boýunça 600-den gowrak görnüşi bar. Boýy 1-den 5 metre çenli ýetýän bu gyrymsy agaç aram we subtropik zolaklarda giňden duş gelýär.
Onuň görnüşleriniň iň köp ýaýran ýerleriniň biri Aziýa yklymydyr. Türkmenistanda zirk Uly Balkan we Günorta-Günbatar Köpetdag zolaklarynda tebigy halda duş gelýär. Magtymguly etrabynda bolsa bu gymmatly ösümlik köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.
Zirk maý–iýun aýlarynda gülläp, sentýabr–oktýabr aýlarynda miwe berýär. Bu ösümligiň diňe bir miwesi däl, eýsem gabygy, ýapraklary we kökleri hem uly gymmata eýedir.
Miwesinden peýdaly bal we dermanlyk şerbetler taýýarlanýar. Onuň gabygyndan hem-de ýapraklaryndan ýeňil senagatda ýüňi we derini boýamak üçin tebigy reňkler alynýar.
Zirk miwesiniň düzüminde C we E witaminleri, alma hem-de limon turşulyklary, efir ýaglary we beden üçin zerur bolan dürli ýokumly maddalar bar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!