Düýe süýdi we onuň peýdalary
Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda düýe malyna bolan hormat aýratyn orun tutýar. Halkymyz bu sahawatly jandary bagtyň, rysgal-döwletiň we bereketiň nyşany hökmünde görýär.
Onuň berýän önümleriniň arasynda bolsa, özüne mahsus ysy we lezzetli tagamy bilen aýratyn tapawutlanýan düýe süýdi beden üçin peýdaly içgileriň biridir.
Düýe süýdi mikroblaryň we zyýanly bedenjikleriň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek edýän tebigy serişdeleriň biridir. Onuň düzümi adamyň saglygy üçin zerur bolan ýokumly maddalara baýdyr.
Düýe süýdünde süýt şekeri, belok, kazein, albumin hem-de globulin ýaly ýokumly birleşmeler bar. Ol aşgazan-içege, ýürek-damar hem-de dem alyş ulgamlarynyň kadaly işlemegine ýardam edip biler.
Şeýle hem saçlaryň, dyrnaklaryň we dişleriň sagdyn hem-de berk bolmagyna kömek edýän dürli mineral maddalary özünde saklaýar.
Ýaglylygy hem-de mineral maddalarynyň bollygy sebäpli, düýe süýdünden çal, agaran, süzme we gurt ýaly dürli önümler taýýarlanylýar.
Bu içgiler teşneligi gandyrmak bilen bir hatarda, bedeni zerur suwuklyklar we ýokumly maddalar bilen üpjün etmäge hem ýardam edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!