Gan basyşyna gözegçilik etmek ýylda ýarym milliondan gowrak adamyň ömrüni halas edip biler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jons Hopkins uniwersitetiniň hünärmenleri ýürek-damar keselleriniň öňüni almak boýunça möhüm gözlegiň netijelerini paýlaşdylar.
Olaryň geçiren barlaglaryna görä, ýokary arterial gan basyşyny öz wagtynda ýüze çykarmak we degişli bejergini berjaý etmek arkaly her ýylda 518 müňden gowrak adamyň ölüminiň öňüni almak mümkin bolup biler.
Bu baradaky ylmy netijeler «Hypertension Scientific Sessions 2026» atly halkara maslahatda köpçülige ýetirildi.
Alymlar orta girdejili 20 döwletdäki lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki ýagdaýyny seljerip, ýörite matematiki modeliň kömegi bilen çaklama taýýarladylar.
Ylmy işiň netijelerine görä, arterial gipertoniýadan, ýokary holesterinden hem-de süýji keselinden ejir çekýän näsaglaryň azyndan 80 göterimi zerur bejergini alsa, ölüm görkezijilerini ep-esli azaltmak mümkin bolup biler.
Hasaplamalara görä, şeýle çäreler her ýyl takmynan 518 476 adamyň ömrüni halas etmäge mümkinçilik berip biler. Gandaky şeker derejesine netijeli gözegçilik etmek bolsa 310 müň töweregi adamyň ömrüniň halas edilmegine goşant goşup biler.
Gözlegi geçiren hünärmenler gan basyşyny yzygiderli ölçäp durmagyň, keselleri irki tapgyrda ýüze çykarmagyň hem-de lukmanlaryň maslahatlaryny doly berjaý etmegiň infarkt, insult we ýürek ýetmezçiligi ýaly howply gaýraüzülmeleriň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edip biljekdigini belleýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!