Çagalara telefonda ses kömekçilerini ulanmak nähili täsir edýär?!
Şu günki günde çagalaryň we ýetginjekleriň sesli kömekçiler, neýroulgamlar hem-de çat-botlar bilen işjeň aragatnaşyk saklamagy barha giňden ýaýraýar. Şeýle sanly gurallar peýdaly bolup bilse-de, olaryň aşa köp ulanylmagy maşgala içindäki aragatnaşyga we çaganyň emosional hem-de kognitiw ösüşine täsir edip biler.
Hünärmenleriň bellemegine görä, esasy meseleleriň biri çaganyň virtual kömekçilere hakyky durmuşdaky adamlardan has köp bil baglamagydyr. Emeli aň çaganyň ýalňyşlaryna köplenç tankydy ýa-da emosional reaksiýa bildirmeýär. Şonuň üçin käbir çagalar onuň bilen aragatnaşygy has ýeňil kabul edip, şahsy pikirlerini we syrlaryny sanly hyzmatlar bilen paýlaşmaga ýykgyn edip bilerler.
Bu ýagdaý ene-atalar we beýleki ýakyn adamlar bilen emosional gatnaşyklaryň ornuny dolulygyna çalşyp bilmez. Çaganyň sagdyn ösüşi üçin janly söhbetdeşlik, goldaw, ynam we maşgala gatnaşyklary möhüm bolup galýar.
Sesli kömekçiler we emeli aň ulgamlary çaganyň dürli maglumatlara, garaýyşlara we pikirleniş usullaryna duş gelmegine hem täsir edip biler. Şonuň üçin ene-atalaryň çaganyň nähili sanly hyzmatlary ulanýandygyna gözegçilik etmegi, onuň bilen açyk söhbetdeşlik geçirmegi we internetdäki maglumatlara tankydy çemeleşmegi öwretmegi möhümdir.
Sanly tehnologiýalaryň çaganyň dünýägaraýşyna täsiri köp faktorlara bagly bolup, bu ugur boýunça ylmy barlaglar dowam edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!