Günde 11 minutlyk maşk saglygy goraýar we ömri uzaldýar
Kembrij uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, her gün bary-ýogy 11 minut ortaça işjeňlik bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň, rak keseliniň we wagtyndan öň ölüm töwekgelçiligini ep-esli azaldyp biler.
Bu işjeňlik diňe bir sport zalyndaky agyr türgenleşikleri däl, eýsem çalaja ylgamak, pyýada ýöremek, tigir sürmek, suwda ýüzmek ýa-da tans etmek ýaly gündelik hereketleri hem öz içine alýar.
Ýaňy-ýakynda geçirilen gözlegleriň netijelerine görä, günde bary-ýogy 11 minutlyk ortaça fiziki işjeňlik rak keseliniň, ýürek keselleriniň ýa-da wagtyndan öň ölüm howpunyň peselmegine ýardam edip biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!