| Ashgabat | 22°C
Gyzykly maglumat 10.10.2026, 16:54 9

36 ýyl doňduryjyda: muzeýdäki täsin eksponat

36 ýyl doňduryjyda: muzeýdäki täsin eksponat

Berlindäki Deutschlandmuseum muzeýinde 36 ýyl bäri doňduryjyda saklanyp gelnen çowdary-bugdaý çöregi köpçülige görkezilip başlandy.

Bu gyzykly taryh 1990-njy ýylyň 26-njy iýunynda başlanýar. Şol wagt Gündogar Berlinde maşgalasy bilen ýaşaýan talyp Mihael Hagedorn adaty bir buhanka çöregiň ýerine ikisini satyn alýar.

GFR bilen GDR-iň arasyndaky ykdysady we sosial birleşik hakyndaky ylalaşyga bäş gün galany üçin, maşgala bahalaryň galmagyndan hem-de haryt ýetmezçiliginiň döräp, uzyn nobatlaryň ýaýbaňlanmagyndan ätiýaç edip, ikinji çöregi doňduryja salýar.

Wagtyň geçmegi bilen bu çörek hakyky taryhy ýadygärlige öwrülendigi üçin maşgala ony zyňmazlygy we muzeýe gowşurmagy makul bilýär.

Muzeýe gelenlere görkezilýän bu çörek ýörite taýýarlanan doňduryjyda saklanýar. Mihael Hagedorn ony aradan 36 ýyl geçenden soň muzeýe sowgat edipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!