Meýletinçilik barada maglumatlar
Halkara meýletinçiler güni Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy tarapyndan 1985-nji ýylda meýletinçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň jemgyýetiň abadançylygyna we bütin dünýäde mätäçleriň durmuşyny gowulandyrmaga goşýan goşandyny ykrar etmegiň bir usuly hökmünde döredildi. Bu baýramçylyk 5-nji dekabrda bellenip geçilýär.
Meýletinçilik jemgyýetçilik hereketi hökmünde adamlar maddy sylag garaşman, öz islegi bilen birek-birege kömek eden gadymy döwürlerden bäri döräpdir. Ýöne onuň häzirki zaman düşünjesi XIX asyrda kemala gelip başlady.
Sözüň gelip çykyşy: «Wolontýor» sözi fransuz dilinden gelip, «meýletinçi» (volontaire) diýen manyny berýär.
Meýletinçilik hereketi Russiýada uly gerime eýe bolup, oňa gatnaşyjylaryň we guramalaryň sany yzygiderli artýar.
Gatnaşyjylaryň sany: 9 milliondan gowrak adam özüni Russiýada meýletinçilik hereketiniň bir bölegi hasaplaýar, taslamalaryň sany bolsa 124 müňden geçýär.
Guramaçylyk düzümi: ýurtda meýletinçilik hereketlerini utgaşdyrýan 88 sany sebit derejeli meýletinçilik merkezi işleýär. Şeýle hem 23 müň sany mekdep okuwçylarynyň meýletinçilik topary we ýokary okuw jaýlarynda 664 sany meýletinçilik iş merkezi hereket edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!