Türkmenistanda teatr bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi.
Sahna oýunlarynda ýurdumyzda Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ösüşler, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlar, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri ussatlyk bilen açyp görkezildi.
Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de ussat mugallym-professorlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, teatr bäsleşiginiň baş baýragyna «Halk hakydasy» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, I orna - «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny üçin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, II orna - «Howandar» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry, III orna - «Türkmen soltany» atly sahna oýny üçin Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry hem-de «Eşit meni!» atly sahna oýny üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry mynasyp boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!