| Ashgabat | 22°C
Medeniýet 23.10.2026, 16:05 4

Kwentin Tarantino onunjy çeper filminiň ssenarisini ýazyp gutardy

Kwentin Tarantino onunjy çeper filminiň ssenarisini ýazyp gutardy

Golliwudyň meşhur režissýory Kwentin Tarantino özüniň 10-njy çeper filminiň ssenarisini doly ýazyp gutardy. Ýöne «Variety» neşiriniň berýän maglumatyna görä, ol bu taslamany surata düşürmäge entek gyssanmaýar.

Greým Nortonyň agşamky gepleşiginde myhman bolan Tarantino ilki bilen Londonyň West End teatry üçin meýilleşdirilýän «The Popinjay Cavalier» spektaklyny sahnalaşdyrmak bilen meşgullanjakdygyny aýtdy.

Ozal hem Tarantinonyň öz döredijilik ýoluny 10 sany film bilen jemlemek isleýändigi barada gürrüňler çykypdy.

«The Popinjay Cavalier» atly taslama başdan geçirmelere baý komediýa žanrynda bolup, onda baş keşbi Saşa Baron Koen ýerine ýetirer.

Spektaklyň premýerasynyň 2027-nji ýylyň mart aýynda Londonyň «Phoenix Theatre» teatrynda bolmagyna garaşylýar. Synag görkezilişleri bolsa fewral aýynyň soňky günlerinde başlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!