Wan Goguň «Ýyldyzly gije» eseriniň syry
Günorta Koreýanyň Kýonhi uniwersitetiniň alymlary Winsent wan Goguň meşhur «Ýyldyzly gije» atly suratyndaky ýyldyzlaryň ýerleşişiniň Giadalar toplumy bilen meňzeşligini subut etdiler.
Geçirilen barlaglar beýik suratkeşiň 1889-njy ýylyň 22-nji iýulynda daňdan asmanda bolup geçen hakyky tebigy hadysany suratynda şekillendiren bolmagynyň ähtimallygynyň örän ýokarydygyny görkezýär.
Mundan ozal sungat öwrenijiler eserdäki ýyldyzlary Hamal ýyldyzlar toplumy bilen baglanyşdyrýardylar, emma bu çaklama ylmy taýdan doly tassyklanmady.
Astronom Elija Çon Hýon Kim kompozisiýanyň merkezindäki bäş ýyldyzyň Sowur ýyldyzlar toplumyna degişli bolan «V» şekilli Giadalar toparyna gabat gelýändigini öňe sürdi.
1889-njy ýylyň 22-nji iýulynda Giadalar we Wenera gündogar tarapdan bilelikde ýokary galypdyr, Aý bolsa edil suratdaky ýaly orak görnüşinde bolupdyr. Öň köpçülik tarapyndan kabul edilen 18-nji iýun senesinde bolsa — suratkeşiň dogany Teoga ýazan hatyna esaslanylyp kesgitlenen senede — Aý kiçelýän güberçek görnüşinde bolupdyr, ýagny eserdäki görnüşe doly gabat gelmändir.
Alymlar bu çaklamany barlamak üçin Fransiýanyň Sen-Remi şäherine baryp, wan Goguň asmana sereden syn ediş nokadyny takyk kesgitlediler. Soňra obýektleriň ölçegini, ugruny we ýerleşişini deňeşdirmek üçin Prokrustyň matematiki usuly ulanyldy.
Barlaglar onuň ilkinji eskizindäki bäş ýyldyzyň Giadalara doly meňzeşdigini tassyklady.
Şeýle hem alymlar bu barlag usulyny suratkeşiň 1888-nji ýylda döreden «Kafeniň gijeki eýwany» eserinde hem ulanyp, suratda şekillendirilen ýyldyzlaryň «Tomus üçburçlugy» — Wega, Deneb we Altair — bolmagynyň mümkindigini bildirdiler.
Hünärmenler geljekde wan Goguň beýleki suratlaryny hem şu ylmy usul arkaly öwrenmegi meýilleşdirýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!