Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler
Noýabr aýynda Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara festiwaly geçiriler.
Ýokary derejede guralýan bu medeni çärä görülýän taýýarlyklar barada wise-premýer Bahar Seýidowa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin hasabat berdi.
Halkara medeniýet forumyna birnäçe daşary ýurtlaryň meşhur teatr kollektiwordarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Dünýä we milli teatr sungatynyň ençeme täsirli sahna eserleri Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň döwrebap teatr sahnalarynda tomaşaçylara hödürlener.
Festiwala gatnaşyjylar 8-nji noýabrda bellenilip geçiljek dabaraly Hasyl toýunyň baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!