| Ashgabat | 14°C
Medeniýet 25.10.2026, 17:52 3

Koreýanyň «Saengdonggam Crew» döredijilik topary mugt çykyş eder

Koreýanyň «Saengdonggam Crew» döredijilik topary mugt çykyş eder

Indi Siz Koreýanyň «Saengdonggam Crew» döredijilik toparynyň çykyşlaryny mugt synlap bilersiňiz.

Çykyşlar 1-nji noýabrda sagat 17:00-da paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

Petekler üçin ilçihananyň sosial ulgamdaky sahypasynda görkezilen salgynyň üsti bilen öňünden hasaba alynmaly.

Petekleri 28–29-njy oktýabrda sagat 15:00-dan 18:00-a çenli ilçihananyň konsullyk bölüminden alyp bolar.

Petek alnanda şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezmek zerurdyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!