| Ashgabat | 33°C
Dünýaden 18.09.2026, 14:20 2

Singapurda günde azyndan 15 minut kitap okan adama pul baýragy berilýär

Singapurda günde azyndan 15 minut kitap okan adama pul baýragy berilýär

Singapur hökümeti sosial media garaşlylygyny azaltmak üçin adaty bolmadyk usuly işläp düzdi. Indi günde azyndan 15 minutlap okaýan raýatlar pul sylagyny alyp bilerler.

Sentýabr aýynda başlanan hökümet maksatnamasy ilatyň arasynda yzygiderli okamak endigini kemala getirmegi maksat edinýär.

Sylag almak üçin raýatyň günde azyndan 15 minut wagtyny okamaga sarp etmegi ýeterlikdir. Her gezekki okama tapgyry üçin 20 sanly (wirtual) teňňe gazanylýar.

1000 teňňe ýygnalandan soň, olary 1 Singapur dollaryna çalşyp bolýar. Umumy hasaba diňe günde bir gezekki okama tapgyry goşulýar.

Bu başlangyç Singapur hökümetiniň sosial medianyň, esasanam ýaşlara ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilen giň gerimli tagallalarynyň bir bölegidir.

Şeýle-de, ýurtda sosial mediadan peýdalanmak üçin gündelik wagt çäklendirmelerini girizmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!