Gyrgyzystanda bir goýun 1 million dollara satyldy
Gyrgyzystanda et-ýag ugruna ýöriteleşen «Araşan» tohumly goýunlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine bagyşlanan festiwalda goçlaryň biri 1 million dollara satyldy.
Çärä bäş ýurtdan gelen maldarlar gatnaşdy. Rekord derejedäki söwdany Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi hem tassyklady.
Gymmat bahaly tohum goçy 2023-nji ýylda Gazagystana 150 müň dollara satylan meşhur Frankel atly goçuň neslindendir. Bu tohuma sebitde barha köp üns berilýär.
2026-njy ýylyň mart aýynda Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýolbaşçysy arassa tohumly «Araşan» goýunlaryny satmak üçin auksion ýa-da birža görnüşinde ýörite döwlet meýdançasyny döretmegi hem teklip edipdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!