Hazar deňzinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Alymlar Hazar deňzinde maňňalça balyklarynyň täze görnüşlerini ýüze çykardylar.
Bu balyklaryň öň näbelli bolan görnüşleriniň birine hazar uly kellelijesi (Benthophiloides caspius) diýip at berildi. Ol Gazagystanyň we Azerbaýjanyň kenarýakalarynda tutuldy. Häzirki wagtda bu balygyň jemi iki sanysy tapyldy.
Beýleki tapylan täze görnüşe skif mermer-maňňalçasy (Proterorhinus scythicus) diýlen at dakyldy. Ony alymlar Russiýada — Wolga derýasynyň deltasynda we Gündogar Manyç derýasynda tapdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!