| Ashgabat | 33°C
Dünýaden 23.09.2026, 14:28 1

Garagalpagystanda 4 tonna altyn tapyldy

Garagalpagystanda 4 tonna altyn tapyldy

Garagalpagystanda hytaý maýadary «Urusoý» ýatagynyň 200 gektar meýdanynda dört tonna altyn tapdy.

Häzirki nyrh boýunça tapylan goruň gymmaty, takmynan, 563 million dollar diýlip bahalandyrylýar.

Mineral çig maly gaýtadan işlemek meselesine-de aýratyn üns berildi. «Barsagelmez» ýatagyndan her ýyl 1 million tonna tehniki duz gaýtadan işlenmezden satylýar.

«Kuskanataw» ýatagynda mirabilit gaýtadan işlenip, ýylda 45 müň tonna çenli natriý sulfaty öndürmek, astrahanitden bolsa magniý sulfaty almak meýilleşdirilýär.

Himiýa senagatynda goşmaça 200 million dollarlyk taslamalary amala aşyrmak we 5000 iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!