| Ashgabat | 29°C
Dünýaden 18.09.2026, 18:22 1

Efiopiýada ýylanyň täze görnüşi tapyldy

Efiopiýada ýylanyň täze görnüşi tapyldy

Efiopiýanyň Harenna tokaýynda alymlar ýylanyň diňe guş ýumurtgasy bilen iýmitlenýän täze görnüşini tapdy.

Bu görnüş Dasypeltis albigularis ýa-da «ak bokurdakly ýumurtga iýer» diýlip atlandyryldy. Ony suratlandyrmak üçin gözlegçilere ýedi ýyl gerek boldy.

Täze ýylan ýabany kofe agaçlarynyň ösýän we guşlaryň höwürtgeleýän, deňiz derejesinden 1500–1700 metr belentlikdäki gür tokaýlarda ýaşaýar.

Uly ýaşly ýylanlaryň uzynlygy 92 santimetre çenli ýetip bilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!